Birža söwdalarynda Owganystandan gelen işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar

11:49 22.04.2025 2672

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13827/original-168073fddf0844.jpg

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly natrini we awtoulag benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine gazbeton bloklary, pagta süýümi, nah ýüplük, wafel we flanel matalar, granulirlenen hojalyk sabyny ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 130 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 34 million 570 müň manada deň bolan portlandsementi, ýüpek çig malyny, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.