Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy bilen duşuşdy

15:47 16.04.2025 5384

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13795/original-167ff4fc306ec3.jpg

15-nji aprelde Ýaponiýa saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygy Haýahsi Nobumitsu bilen hem duşuşdy.

Iri maliýe edarasynyň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Şeýle-de Haýahsi Nobumitsu döwlet Baştutanymyzy “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlap, ýurdumyzyň bu sergide öz Milli gününi ilkinjileriň biri bolup geçirmeginiň guwandyryjy waka bolandygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň toplanan oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegini, öňdebaryjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, nou-haularyň milli ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda ýapon kompaniýalary bilen durmuşa geçirilen taslamalaryň ähmiýeti bellenildi.

Ýaponiýanyň iri bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň netijeliligine ünsi çekip, öz ýurdunyň işewür düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Haýahsi Nobumitsa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.