Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy
04:47 15.04.2025 5849
14-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
13-nji aprelden 13-nji oktýabr aralygynda dowam etjek «EKSPO — 2025-iň» geçýän ýeriniň daş-töweregi «Uly halka» bilen gurşalyp alnandyr. «Uly halka» uzynlygy 2 kilometre, beýikligi 20 metre ýetýän agaç gurluş bolup, ol eýýäm agaçdan gurlan iň uly ýapyk desga hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Osaka sergisi «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» atly üç mowzukda guralyp, Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» bölüminde ýerleşýär.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasyna gelen hormatly Prezidentimiz bu ýerde serginiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazga galdyrdy. Soňra döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşyp, bu ýerde söz sözledi.
Ýaponiýada bolýan türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bolsa dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň resmi wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda pawilýonyň toý bagyny kesdi. Soňra bu özboluşly desga bilen tanyşlyk boldy. Belent mertebeli myhmanlar ýurdumyzyň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekile tomaşa etdiler. Binanyň ikinji gatynda Arkadag şäheriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sergi eksponatlary ýerleşýär. Üçünji gatda bolsa myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenilýär. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz we Ýaponiýanyň resmi wekilleri «Günüň dogýan ýurdunyň» milli pawilýony bilen hem tanyşdylar.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmak «Belli» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Taslamanyň arhitekturasy özboluşly mana eýe bolup, binanyň üçburç görnüşli gurluşy öňe hereket etmegi, ýaşaýşyň dowamatlylygyny, täzelenişi alamatlandyrýar. Pawilýonyň gümmez şekilli bölegi türkmen halkynyň däp-dessurlaryndan we milli gymmatlyklaryndan, haly nagyşlaryndan ylham alnyp döredilipdir. Onuň daşky keşbi bolsa Garagum sährasynyň tebigy görnüşleri bilen sazlaşýar. Millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygyny emele getirip, geçmişiň, şu günüň hem geljegiň aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmek filosofiýasyny özünde jemleýän türkmen pawilýony entek resmi taýdan öz işine başlamanka syýahatçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň Osakada geçirilýän giň gerimli gözden geçirilişe gatnaşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüş ýyllarynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.