“Galkynyş” käninde senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

12:07 14.04.2025 8411

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13757/original-167fcaf23a925b.jpg

Türkme istanda «Galkynyş» gaz känindäki 285 belgili ulanyş guýusynda 4452 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4412 — 4136 metr aralyklardaky gatlaklardan çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy.

Ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmeleriniň birine öwrüldi. Munuň özi tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunda durýan Türkmenistanyň halkara giňişlikde kuwwatly energetika döwleti hökmünde eýeleýän ornuny tassyklaýar. Şunda ýurdumyzyň uglewodorod serişde binýadyny we ony netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça strategiýa durmuşa geçirilýär. Bu bolsa uglewodorod serişdeleriniň gazylyp alynýan möçberini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportyny köpugurly esasda ösdürmäge, türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň ygtybarly we durnukly ulgamlaryny döretmäge giň mümkinçilik berýär. Bu babatda pudaga häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine hem zerur üns berilýär.

Häzirki wagtda "Galkynyş" käninden alynýan gaz içerki bazara hem-de Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa eksport edilýär. Bu kän Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi üçin hem çig mal binýady hökmünde kesgitlenendir. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji gurluşyk tapgyrynda ýerleşýär.

Britaniýanyň garaşsyz "Gaffney, Cline & Associates" kompaniýasy tarapyndan berlen bahalandyryşlara görä, "Galkynyş" känindäki gazyň ätiýaçlygy 27 trln kub metre barabar bolup, bu görkezijisi boýunça dünýäde Eýranyň "Günorta Pars" käninden soň ikinji orunda durýar.

Häzirki wagtda "Galkynyş" käniniň senagat taýdan özleşdirilişi güýçli depginde dowam edýär. Bu ýerde ozal ýylda 30 milliard kub metr “mawy ýangyç” gaýtadan işlemäge ukyply üç sany gazy gaýtadan işleýiş toplumy işe girizildi. Häzirki wagtda käniniň önümçilik gorunda onlarça guýy bar, olaryň her biriniň ortaça gündelik öndürijiligi 2 million kub metre barabar.

"Türkmengaz" döwlet konserniniň hasaplamalaryna görä, käniň häzirki öwreniliş derejesine laýyklykda onuň senagat taýdan özleşdirilmeginiň 7 tapgyry meýilleşdirilýär. Umumy önümçiligi ýylda 200 milliard kub metre golaý gaz bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz känindäki gaz guýularynyň görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.