Halkara hil standartlary – halkara maslahatyň we serginiň merkezinde
15:12 12.04.2025 3401
29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyklykda hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat (QACIS 2025) hem-de «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka (ITSE 2025) geçiriler.
Bu çäreler önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de işewür gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara derejeli platforma bolup hyzmat eder. Şeýle-de, işewürligi ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.
QACIS 2025 maslahatynyň esasy temasy halkara hil ülňüleriniň ornaşdyrylmagyna bagyşlanar. Gatnaşyjylar dünýä tejribeleri bilen tanşar we önümleriň hem-de hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara bazara goşulmagynda möhüm ädim bolar.
Hil ülňülerine degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy ITSE 2025 sergi-ýarmarkasynyň işewürlik maksatnamasynyň dowamy bolar. Serginiň çäklerinde telekeçileriň, maýa goýujylaryň we döwlet düzümleriniň wekilleriniň duşuşyklary geçiriler. Bu duşuşyklar halkara söwdany we hyzmatlary ösdürmäge, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga, innowasion çözgütleri hödürlemäge hem-de dünýä bazaryna çykmagyň täze ýollaryny gözlemäge mümkinçilik döreder.
Serginiň dowamynda sertifikatlaşdyrma we standartlaşdyrma bilen bagly maglumat berilýän maslahat diwarlyklar guralar. Üçünji gün halkara kompaniýalaryň, şol sanda Messe Frankfurt-yň wekilleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary geçiriler. Şeýle-de, ABŞ-dan, Angliýadan we beýleki ýurtlardan gelen wekiller tejribe hem-de bilim alyşmaga gönükdirilen çykyşlar bilen çykyş ederler.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.