Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-niň 71-nji mejlisiniň çäklerinde söwda, ulag we energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

11:32 09.04.2025 3392

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13722/original-167f65a85bb573.jpg

8-nji aprelde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly ösüş, söwda, daşky gurşaw, ulag we energetika ugurlaryndaky özara gatnaşyklary öz içine almak bilen Türkmenistan bilen UNECE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäginde H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin T.Molçana ýollanan resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

T.Molçan çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we ýakyn günlerde geçiriljek ýubileý çärelere gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Şol gün türkmen wekiliýeti BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary Rebeka Grinspan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda durnukly ykdysady ösüş, söwda mümkinçiliklerini, sanly üýtgeşmeleri, maýa goýumlary giňeltmek, şeýle hem Türkmenistan bilen UNCTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly meselelere garaldy.

Duşuşykda H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna gatnaşmak üçin Rebeka Grinspana ýollanan resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

UNCTAD-yň ýolbaşçysy çakylyk haty üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bitaraplyk we durnukly halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerini ilerletmekde Türkmenistanyň aýratyn orna eýedigini belledi.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.