TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahata hasaba alyş başlady

11:10 09.04.2025 4259

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13719/original-167f61b3b871c8.jpg

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriljekdigi (TESC 2025) yglan edildi. Bu barada Turkmen Energy Forum habar berýär.

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan gurnaljak «TESC -2025» halkara maslahaty, energetika önümçiliginiň we ekologiýa jogapkärçiliginiň depginini ösdürmäge gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy (GECF), Halkara energetika agentligi hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi ýaly baýry halkara guramalaryň gatnaşmagy hem, maslahatlaşmalaryň bütindünýä durnukly ösüş maksatnamalaryna kybap gelmesini üpjün eder.

«TESC-2025» maslahaty dünýäniň dürli künjeklerinden döwlet işgärlerini, ylmy hünärmenleri, işewür ýolbaşçylary hem-de halkara ekologik guramalaryň wekillerini bir ýere jemlär. Olaryň hemmesiniň umumy maksady – bütindünýä energetika bazaryny ynamly, durnukly we arassa energiýa bilen üpjün edip, uglewodorod serişdeleriniň ekologik taýdan jogapkärçilikli çykarylmagy üçin anyk çözgütleri işläp taýýarlamakdyr.

Şunlukda ekologik taýdan has jogapkärli geljege bolan ymtylyşy alamatlandyrmak maksady bilen, geljekki maslahatyň «Ygtybarly, durnukly, arassa energiýa» diýen şygar bilen geçirilmegi ýöne ýerden däldir.

Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijiniň ähmiýeti has-da aýdyň görünýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy martda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatdaky çykyşynyň dowamynda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetini belläp geçdi. «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi örän möhüm taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir» diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi.

2023-nji ýylda Dubaý şäherinde geçirilen «COP-28» maslahatynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti ýurdumyzyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulýandygyny mälim etdi hem-de BMG-niň Merkezi Aziýada klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebitleýin merkezini döredilmegini teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde 2030-njy ýyla çenli zyýanly gazlaryň zyňyndylarynyň 20% azaltmak ýaly milli strategiýalaryň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň bütindünýä howanyň üýtgemegine garşy göreşe bolan ygrarlylygyny subut edýär.

«TESC-2025« halkara ylmy – amaly maslahata hasaba alynyş eýýäm başlady. Geçen ýyl bu maslahata 31 döwletden 250 sany wekil gatnaşdy. Maslahat nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri üçin wajyp waka bolup, bilim we tejribe alyşmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat eder.

Maslahata gatnaşmak tölegsiz bolup, halkara wekiller üçin mugt wiza goldawy berler. «TESC-2025« maslahatyna gatnaşmak üçin hasaba alyş resmi web sahypasynda elýeterlidir (tesc-turkmenistan.com/en/registration).

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.