Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
12:26 08.04.2025 3537
7-nji aprelde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Ir bilen bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Sport çäresine gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri hem bar.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri hem bu asylly çärä gatnaşýarlar.
Döwlet Baştutany köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan ak mermerli Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket etdiler.
Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler dünýä ýurtlarynda baýramçylyk günlerinde dürli durmuş, ekologik taslamalary we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda hem her ýylda guralýan şeýle ýörişlere gatnaşýan ýaşlaryň, şol sanda uly ýaşly adamlaryň sany barha artýar.
Welosipedli ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutany bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda Serdar Berdimuhamedow sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.