Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
13:03 04.04.2025 2366
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.
Hanym Odil Reno-Basso Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, ýurdumyzda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna hem-de täze başlangyçlara Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Döwlet Baştutany ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, hususan-da, suw serişdelerini tygşytly, rejeli peýdalanmaga möhüm ähmiýet berilýändigini we şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy, ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň degişli edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň goldanylýandygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu iri halkara maliýe guramasy bilen milli banklarymyzyň, hususy pudagyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze, has netijeli görnüşleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny aýdyp, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we ýurdumyzyň geljekde-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.