Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy “Merkezi Aziýa-ÝB” sammitiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler

13:02 04.04.2025 3224

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13675/original-167ef788e52432.jpg

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşler sammitiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny seljermäge, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda pikir alyşmaga, Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary işjeň ýola goýmakda möhüm wezipeleri çözmäge mümkinçiligiň boljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Biziň ýurdumyz bu düzümiň öňe sürýän «ýaşyl» energetika syýasatyna laýyklykda, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, durnukly energiýa serişdeleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda kanun çykaryjylyk, ylym-bilim, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Aşgabatda şu ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Ursula fon der Lýaýeni bu foruma gatnaşmaga çagyrdy. 

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.