Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

22:45 02.04.2025 3173

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13653/original-167ed1610c565e.jpg

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy.

Gahryman Arkadagymyz ulag-kommunikasiýa pudagynyň dünýä ykdysadyýetiniň we söwda dolanyşygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, täze howa menziliniň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda we ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde aýratyn orun eýelejekdigini aýtdy.

Gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Munuň özi özboluşly synag gonuşy bolmak bilen, menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda ýurdumyzyň içerki howa gatnawlarynyň yzygiderli artýandygyny belläp, täze howa menziliniň “Mollagara” şypahanasyna dynç almaga we saglygyny berkitmäge gelýän watandaşlarymyz üçin ýokary derejeli amatlyklary üpjün etjekdigine ünsi çekdi. 

Ýurdumyzyň howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze howa menzillerini gurmak we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde gysga döwrüň içinde Türkmenbaşy hem-de Türkmenabat şäherlerinde, Aşgabatda ýokary derejede enjamlaşdyrylan, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän Halkara howa menzilleri işe girizildi. Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň ulanmaga berlendigine köp wagtyň geçmändigine garamazdan, Balkan welaýatynda ýene-de bir döwrebap howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.

2015-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň we Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawy hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň iri howa ýollar düzümi bolan “Сargolux” kompaniýasy tarapyndan Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük gatnatmak işi ýerine ýetirilip başlandy. Şu geçen döwürde ortaça üstaşyr ýüküň umumy möçberi, 2025-nji ýylyň üç aýyny hasaba alanyňda, 417 müň 340 tonna barabar, üstaşyr uçarlaryň gonuşlarynyň jemi sany bolsa 5 müň 960-dan gowrak boldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäginden Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA), Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça halkara gatnawlaryň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirýär.

Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziliniň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň ulag ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün eder.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.