Türkmenistanda energetikany durnukly ösdürmek üçin döwrebap maglumat-seljerme merkezi açyldy

12:33 27.03.2025 3698

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13593/original-167e40ac00528d.jpg

26-njy martda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda Maglumat-seljerme merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Merkez iň täze IT-enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, olar Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirýän hem-de Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan goldanylýan «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy gepleşikler we howa hereketleri» taslamasynyň çäklerinde satyn alyndy we GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Bu çäre Türkmenistanda durnukly we ekologiýa taýdan arassa energetikany ösdürmek ugrunda möhüm ädim bolup, Ol Metan boýunça ählumumy borçnama hem-de Pariž ylalaşygy bilen kesgitlenen borçnamalary ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Maglumat-seljerme merkezi «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek üçin mümkinçilik döreder. Bu maksat bilen, merkezde seminarlary, hünär derejesini ýokarlandyryjy maksatnamalary geçirmek hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Merkez häzirki zaman enjamlar, şol sanda gaz syzmalaryny anyklamak üçin LDAR ulgamy bilen üpjün edildi. Bu ulgam metanyň zyňyndylary boýunça dürli halkara hemra çeşmelerinden alnan maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we barlamak boýunça hünärmenleriň başarnyklaryny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Merkeziň açylmagy, şeýle hem Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş üçin öňdebaryjy Ýewropa tejribelerini we ylmy usullary ornaşdyrmak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna şert döretdi. Bu bolsa ýurduň durnukly energetiki geljegine tarap öňe gitmegine mümkinçilik berer.

Maglumat-seljerme merkeziniň açylyş dabarasyna Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary hanym Renata Wrobel, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň maksatnama direktory doktor Karolina Milow, Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili, diplomat Kubilaý Topal we «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory Baýrammyrat Pirniýazow gatnaşdylar.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.