Türkmenistan we ÝB durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

11:27 25.03.2025 3530

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13569/original-167e2587c221cc.jpg

«Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024 – 2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» taslamasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde bu ugurda alnyp barylýan tehniki işler, amaly meýilnamalar we synag taslamalar hödürlenildi hem-de tassyklandy diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işleri 2023—2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Bütindünýä metan başlangyjyna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Ol 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanyldy. Mundan başga-da, hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Energetika ministrligi, «Türkmengaz» döwlet konserni we Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde hem alnyp barylýar.

Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän bu taslama gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ilerletmegi, metan we ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagy, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda netijeli gepleşikleri ýola goýmagy maksat edinýär.

Taslama bilen bagly resminamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň durnukly «ýaşyl» ösüşine, halkara tejribesi we öňdebaryjy Ýewropa ülňüleri esasynda ýardam bermäge gönükdirilendir. Taslamanyň esasy çärelerine metan we ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini wagyz etmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, milli hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürmek hem-de jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak girýär.

Taslama resmi taýdan 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen GIZ-niň «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi: Ýewropa Bileleşigi: Syýasy gepleşikler we 2024 – 2028-nji ýyllar üçin howanyň üýtgemegi babatyndaky çäreler» taslamasynyň utgaşdyryjy komitetiniň birinji mejlisinde işe girizildi.

Hasabat döwründe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini we energiýa netijeliligini ilerletmek boýunça ýörite strategiýanyň işlenip düzülmegine badalga berildi. Şeýle hem 2024-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Mary şäherinde howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanan ýaşlar forumy geçirildi.

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynda taslamanyň utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini, 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary hem-de taslamany mundan beýläk amaly taýdan ýerine ýetirmegi maslahatlaşdylar.

«Türkmengaz» DK-niň hünärmenleri bilen bilelikde gaz känlerini özleşdirmegiň dowamynda metan syzmalaryny anyklamak üçin niýetlenen LDAR programma üpjünçiliginiň we enjamlarynyň tehniki pasporty işlenip düzüldi. Şeýle hem «Türkmengaz» DK-niň pudaklaýyn ylmy-barlag institutynyň binýadynda «Metan okuw merkezi» döretmek üçin zerur enjamlaryň sanawy düzüldi. Häzirki wagtda GIZ bu enjamlary getirmek boýunça işler alyp barýar.

«Biziň ýurdumyzda ekologiýany gowulandyrmak ugrunda dünýä döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlygymyzy beýan edýäris» diýip, «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň daşky gurşawy goramak bölüminiň müdiri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty, taslamanyň utgaşdyryjy komitetiniň agzasy Muhammetberdi Bäşiýew belledi.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.