Watanyň buýsançly zenanlary
04:10 25.03.2025 3841
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy nebitgaz toplumynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz etmek, şeýle hem olaryň Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, nebitgaz toplumynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary we bu ulgamda işleýän gelin-gyzlar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşinden, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginden, Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýünden, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyndan, «Türkmennebit» döwlet konserninden we beýleki pudaklaryň edara-kärhanalaryndan wekiller çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň bagtyýar hem-de rowaç durmuşynyň bähbidine gönükdirilen Kararlary, Permanlary, Maksatnamalary, zenanlara döredilýän ýeňillikler, eneleriň durmuş üpjünçiligi boýunça hukuklary, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sagdyn bedenli, türkmeniň milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna ygrarly ýaşlar edip ýetişdirmekde döredilýän şertler we mümkinçilikler, Zenanlar birleşiginiň Düzgünnamasy, ilkinji guramalarynyň işini kämilleşdirmek barada giňden gürrüň etdiler.
Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň her bir raýatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda alyp barýan işleri, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, talabalaýyk dynç almagy, dünýä ylmyna aralaşmagy, eneleriň we çagalaryň saglygy baradaky edýän çäksiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz buýsanç beýan edildi.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.