TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň işewürleri ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
07:35 24.03.2025 3603
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, uçar kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen natriý hloridini we portlandsementi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Serbiýanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni, aşgarlanmadyk matalary, ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlaryny, aşgarlanmadyk nah ýüplügi, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 77 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 10 million 446 müň manada deň bolan polipropileni, gaplaýyş plýonkasyny (“Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasy), pagta süýümini satyn aldylar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.