Prezident Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07:34 24.03.2025 3366
22-nji martda ýurdumyzda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi.
Bu möhüm ekologik çärä gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi bar.
Köpçülikleýin bag ekmek çäresi ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen birlikde, tebigatymyzy baýlaşdyrmakda-da möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň bu asylly işe jebislikde gatnaşmagy watansöýüjiligiň hem-de ýurdumyzyň özboluşly tebigy gözelligine hormat goýmagyň, ata-babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzda ekologik ýagdaýy gowulandyrmak, tokaý zolaklarynyň eýeleýän meýdanlaryny yzygiderli giňeltmek üçin uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ählumumy derejede howanyň üýtgeýän şertlerinde bu Maksatnamanyň amala aşyrylmagy durnukly ösüşi üpjün etmekde, daşky gurşawy goramakda möhüm ädimdir. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň tokaýlaryny ylmy taýdan öwrenmek we ýagdaýyna gözegçilik etmek işleri göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa ekologik abadançylygy üpjün etmegiň, ýerli tebigy mirasy gorap saklamagyň netijeli guraly bolup durýar.
Çäräniň çäklerinde ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň gatnaşmagynda “Dünýäniň aşhanalary” atly halkara aşpezlik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar döwlet Baştutanyny milli aşhanalar üçin däp bolan tagamlaryň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Aşpezlik sungaty her bir halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, onda milletiň ýaşaýyş-durmuşy hem-de aýratynlyklary öz beýanyny tapýar. Bäsleşigiň çäklerinde türkmen aşhanasynyň dürli tagamlary hem tanyşdyryldy.
Bu bäsleşik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan medeni-ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.