Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy gatnaşyklaryny berkitmegi meýilleşdirýär
10:31 19.03.2025 2736
18-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesiň arasynda geçirilen duşuşykda sergi-ýarmarka işleri babatyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşy, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň 19-njy martda Aşgabatda geçiriljek mejlisi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2024–2025-nji ýyllar döwür üçin Halkara sergiler býurosynyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzasy bolup durýandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlerine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024–2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” ähmiýeti nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde “Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023–2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň” ýerine ýetirilişine syn berildi.
Sergi işiniň aýry-aýry dersleri boýunça seminarlaryň geçirilmegi, halkara sergilerinde Türkmenistanyň pawilýonlaryny gurnamak boýunça hyzmatdaşlyk, dürli derejedäki özara saparlaryny amala aşyrmak we beýlekiler gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Söhbetdeşler Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly meselä aýratyn üns berdiler.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.