Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly geljegi bar – Aýdar Kazybaýew
10:32 19.03.2025 3964
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar — 2025» halkara forumynda Gazagystanyň «Samruk-Kazyna» Milli Abadançylyk Gaznasynyň jemgyýetçilik geňeşiniň agzasy we Türkmen-Gazak işewürler geňeşiniň gazak tarapyndan ýolbaşçysy Aýdar Kazybaýew türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi barada çykyş etdi.
Ol 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» sergisiniň ýokary derejede guralandygyny belledi.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada durup geçen Aýdar Kazybaýew ýurtlary diňe bir umumy medeniýetiň däl, eýsem, Hazar deňziniň ugrundaky strategik ýerleşişiniň hem birleşdirýändigini nygtady. Onuň sözlerine görä, 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 550 million dollar bolup, taraplar bu görkeziji ýakyn ýyllarda iki esse artdyrmagy meýilleşdirýärler.
«Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özboluşly ykdysady şertlere eýe. Biz ulag-logistika we oba hojalygy ugurlarynda köp sanly bilelikdäki taslamalary eýýäm amala aşyrýarys. Hazar ulag ulgamyny döretmek we Kaspian.org atly ýörite saýtyň işe girizilmegi hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer» diýip, Kazybaýew belledi.
Ol şeýle hem işewürligiň durnukly ösmeginiň we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny gözegçilikde saklamak ýaly ekologik çäreleriň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Kazybaýew iki ýurduň arasyndaky logistika elýeterliligi we aragatnaşyk meselelerine aýratyn üns berdi. Onuň pikiriçe, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky howa gatnawlarynyň täzeden ýola goýulmagy, wiza goldawynyň we töleg amallarynyň ýeňilleşdirilmegi döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ep-esli gowulandyrar.
Aýdar Kazybaýew türkmen wekillerini 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Astanada geçiriljek üçünji işewürler geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çagyrdy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşjakdygyna ynam bildirdi.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.