Türkmenistan we Katar energetika, maýa goýumlar we ulag ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar
06:06 18.03.2025 4203
16-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygynda syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi hem-de durnukly ynanşykly syýasy dialog barada nygtamak bilen, ministrler iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň türkmen-katar gatnaşyklaryna uly itergi berýändigi aýdyldy.
Şeýle hem, söhbetdeşligiň barşynda taraplar energetika, maýa goýum we ulag ugurlary türkmen-katar gatnaşyklarynda geljegi uly ugurlara öwrüljekdigini nygtadylar diýip, DIM belleýär.
Mundan başga-da, sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alşyldy.
Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm tapgyr bolan Owganystanyň çägindäki Serhetabat-Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişi barada aýdyldy. Katar tarapy bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.
Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şeýle hem Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi.
Hususan-da, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň geçiriljekdigi aýdyldy bu halkara foruma we baýramçylyk çärelerine Katar tarapy gatnaşmaga çagyryldy.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.