Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropa komissary bilen söwda, ulag, energetika, maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

08:57 13.03.2025 3626

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13448/original-167d1c5d3cc897.jpg

12-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy şert bolup durýan öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň, hususan-da “Merkezi Aziýa – ÝB” formatyndaky ilkinji sammitiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa–ÝB” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmek işlerine deglip geçildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de “Türkmenistan–ÝB” bilelikdäki komitetini, Parlamentara dialogyny, Adam hukuklary boýunça dialogy we beýlekileri nazara almak bilen, bilelikdäki gurallaryň netijelidigini bellediler.

Durmuş-ykdysady ugrundaky gatnaşyklary iş ýüzünde ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Söwda gatnaşyklaryny, ulag arabaglanyşygyny,  energetika howpsuzlygyny, innowasiýa we maýa goýum işlerini ösdürmek babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alşyldy.

Taraplar hereket edýän we geljekki ýöriteleşdirilen taslamalara we maksatnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly işlerde ÝB-niň bilermenleriniň tejribesinden peýdalanmak  meselelerine garadylar.

Mundan başga-da, diplomatlar ekologiýa howpsuzlygyny goramak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatyndaky bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.