HHR-iň kompaniýalaryna Türkmenistanyň maýa goýum mümçilikleri tanyşdyryldy
08:58 13.03.2025 5138
Pekinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Hytaýyň kärhanalary daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasynyň bilelikde guramaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek boýunça maslahat” atly işewürlik forumy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Forumyň maksady Assosiasiýanyň 40 sany hytaý agza-kompaniýalaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi P.Durdyýew, Assosiasianyň prezidenti He Çženweý, şeýle hem Ilçihananyň söwda wekili Ş.Batyrow çykyş etdiler.
Assosiasiýanyň prezidenti He Çženweý özüniň gutlag sözünde Türkmenistan bilen Hytaýyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň taryhyna degip geçmek bilen, ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýratyn ugurlaryna üns çekdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan–Hytaý energetika köprüsiniň wajyp orny nygtaldy.
Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda halkymyzyň hal ýagdaýyny gowylandyrmaga we ýurdyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň 2028-nji ýyla çenli döwür üçin orta möhletleýin we 2052-nji ýyla çenli döwür üçin uzak möhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň syýasy taraplary we ähmiýeti barada durup geçdi. Şu nukdaýnazardan, ol hytaý telekeçilik ulgamynyň wekillerini Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň söwda wekili Ş.Batyrow öz çykyşynda hytaý maýa goýumlaryny çekmek üçin geljegi uly bolan pudaklary, ýagny nebit we gazhimiýa, agrosenagat toplumy, ulag we logistika, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary we beýleki ugurlary kesgitledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu ýyl Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen türkmen-hytaý işewürlik forumuny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.