Hökümet mejlisinde nebitgaz pudagynyň işiniň 2025-nji ýylyň iki aýynyň netijeleri jemlenildi
07:06 08.03.2025 4100
7-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 125,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim ýerine ýetirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.