Türkmenistanyň Prezidenti we Yragyň Premýer-ministri türkmen gazyny ibermek meselelerini maslahatlaşdy
08:27 06.03.2025 4120
Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji martda Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen tebigy gazyny Yraga ibermek meselelerini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendikleri hem-de her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny goňşy Eýranyň çäginden “swap” usulynda Yraga ibermek boýunça düýpli ylalaşygyň gazanylandygy aýdyldy.
Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani Yrak Respublikasynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we onuň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanini bu wekilçilikli maslahata gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, bu çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormat boljakdygyny aýtdy. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.