Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kataryň Emiri bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

07:53 04.03.2025 4004

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13362/original-167c69ad4db8a9.jpg

3-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-katar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlar, ulag, söwda boýunça hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna öwrüljekdigini aýdyp, bu babatda bar bolan mümkinçiliklere, toplanan oňyn tejribä esaslanyp, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini nygtady.

Soňky ýyllarda Türkmenistan Katar bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha hem-de ony ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär diýip, Milli Liderimiz aýtdy we ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge şahsy goşandy üçin Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin şanly ýyl bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnama kabul edilip, şonuň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyly mynasyp derejede dabaralandyrmak üçin goňşy ýurtlar we halkara guramalar bilen dürli syýasy çäreleri geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek gününde — 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýtdy hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanini şol halkara foruma we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy. Munuň özi bu çäreleriň üstünlikli geçirilmegine möhüm goşant bolar.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.