Şanly ýylymyzyň şygary bilen Türkmenistan dünýä tanalýar

04:20 04.03.2025 4085

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13357/original-167c5dbff19421.jpg

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygary, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi bilen bagly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň önümçilik düzümlerinden işgärler gatnaşdylar.

Aşgabat şäher häkimliginiň guramaçylygynda geçirilen maslahatyň dowamynda Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy Şirinjemal Ýegelekowa, TDP-niň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şirin Mämmedowa, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Atajan Atajanow, TAP-yň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni Mekan Atageldiýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Arazgül Orazowa, şeýle-de nebitgaz toplumynyň, degişli toplumyň kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetli aýratynlyklaryndan, bu babatda kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň halkara syýasy giňişliginiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygy, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigi, özüniň Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak arkaly halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk medeniýeti hakyndaky Jarnamasynyň we hereketleriň Maksatnamasynyň wajyplygyny nazara alyp, ýurdumyzyň Ýer ýüzüniň köp sanly döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, birek-birege ynanyşmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary saklaýandygy aýratyn nygtalyp geçildi. Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi, bu ugurda ýurdumyzda halkara derejede netijeli işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň üsti bilen merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlary, myhmansöýerligi, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýändigi we ynamly öňe barýandygy, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigi, bu ugurda halkara derejede netijeli işleriň amala aşyrylýandygy bütin dünýä aýdyň görkezilýär.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.