Zähmeti goramakda alnyp barylýan işler döwrebap ösüşlere beslenýär

04:15 04.03.2025 3531

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13356/original-167c5db4987b24.jpg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk düzgünleri, ýangyn howpsuzlygynyň kadalary bilen bagly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz» DK-nyň önümçilik düzümlerinden zähmet howpsuzlygynyň jogapkär işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelerde islendik kärde we wezipede işleýän raýatlarymyzyň zähmet çekmek mümkinçiliklerine, hukuklaryna möhüm orun degişlidir. Zähmetiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmeklige, edara-kärhanalarda iş şertlerini gowulandyrmaklyga, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Çünki ýurdumyzdaky zähmet ýeňişleri, ýetilýän belent sepgitler talabalaýyk ýola goýulýan amatlyklaryň netijesinde gazanylýar.

Türkmenistanyň kanunçylygy zähmeti goramaklygyň, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň pugta üpjün edilmegine, ýagny adamyň saglygyny, ömrüni goramaklyga gönükdirilendir. Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy döwrüň talaplaryny hem-de raýatyň bähbitlerini nazara alyp, halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Her bir adamyň döredijilik, intellektual mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, zähmeti guramak, zähmetiň netijeliligini gazanmak, hünärmenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak zähmet gatnaşyklarynyň esasy düzüm bölegini emele getirýär. Esasy Kanunymyza laýyklykda, raýatlaryň zähmete, öz islegine görä, hünär, iş ýerini saýlap almaga, zähmetiň sagdyn, howpsuz şertlerine, durmuş üpjünçiligine hukugy bardyr. Ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, zähmeti guramak we goramak boýunça alnyp barylýan işler döwrebap ösüşlere beslenýär.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze, döwrebap edara-kärhanalar gurulýar. Olarda işgärler üçin ýokary amatlykly howpsuz zähmet şertleri doly üpjün edilýär. Zähmeti goramak häzirki zaman halkara hukugynyň we milli kanunçylygyň möhüm talabydyr we derwaýys wezipesidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu derwaýys işi talabalaýyk ýola goýmaklyga möhüm ähmiýet berilýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwrebap senagat kärhanalarynda zähmeti goramaklyga, ýangyn, tehniki, ekologiýa howpsuzlygynyň hem-de önümçilik sanitariýasynyň talaplarydyr kadalaryny doly üpjün etmeklige gönükdirilen çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplaryna hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň guramalary işgärleriň we hünärmenleriň howpsuz iş hem dynç alyş şertleriniň döredilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmakda netijeli işleri yzygider alyp barýarlar.

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan geçirilen maslahata gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlik guralyp, sorag-jogap alşyldy.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.