«Oguzhan» hokkeý boýunça milli çempionaty netijeli tamamlady

06:01 17.01.2025 4011

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12894/original-16789f2298926d.jpg

Geçen hepdede Türkmenistanyň hokkeý boýunça 10-njy milli çempionaty tamamlandy. Çempionatda öň 9 gezek öňdeligi eýelemegiň hötdesinden gelen «Galkan» hokkeý topary bu sapar hem ýaryşy iň ýokary netije bilen jemledi we çempionlyk derejesini 10-njy gezek ynamly ýeňişleri bilen özünde saklamagy başardy. Milli çempionatyň medallary üçin «Şir», «Oguzhan», «Nesil», «Watançy» we «Merdana» toparlary hem bäsleşdi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazawtomatika» müdirliginiň «Oguzhan» hokkeý kluby hem Türkmenistanyň güýçli hokkeýçilerini özünde jemleýär. «Oguzhanyň» ussat türgenleri bu çempionatda hem netijeli çykyş etdi. 14-nji ýanwarda «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda şu çempionatyň soňky duşuşygynda «Oguzhan» bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň «Nesil» hokkeý topary buzly meýdança çykdy. Nebitgaz toplumynyň topary turuwbaşdan oýna güýçli girişdi we duşuşygyň ahyryna çenli ýokary depgini gowşatmady. Netijede, «Oguzhan» garşydaşy «Nesilden» 8:3 hasabynda üstün çykdy. Bu ynamly ýeňiş Arslan Baýramgulyýewiň tälim berýän  «Oguzhan» toparynyň hokkeý boýunça milli çempionatda 2-nji orny eýelemegini şertlendirdi.

«Oguzhan» hokkeý klubunyň başlygynyň orunbasary Döwlet Nazarowyň gürrüň bermegine görä, milli çempionatyň duşuşyklarynyň dowamynda derwezeçi Muhammetkerim Atamyradow, goragçylar Mämmet Myradow, Ewald Gaýer, hüjümçiler Tirkiş Kurbaşiýew, Sultanhamit Wahitow dagy aýratyn ussatlygy bilen tapawutlandy.

Başga makalalar
164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


16232e0501da57.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


16234186000918.jpeg
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.


162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.