TDHÇMB-niň söwdalarynda Türkiýe ýol bitumyny satyn aldy
12:04 13.01.2025 2777
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri karbamidi we hlorly natriýni (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar.
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 674 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin nah ýüplügini, nah galyndylaryny, şeýle hem dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 82 million 138 müň manatdan gowrak boldy.
TEIF 2025 energetika, maýa goýumlar we tehnologiýa hyzmatdaşlygy üçin täze gözýetimleri açar
Türkmenistan ykdysady diplomatiýanyň täze derejesine çykýar. 2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Kuala-Lumpur şäherindäki häzirki zaman KLCC maslahatlar merkezinde geçiriljek TEIF 2025 halkara forumy energetika, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda ýylyň esasy wakalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
Burawlaýjylaryň üstünlikli zähmeti
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň hyzmaty uludyr.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Aşgabatda halkara söwda we hil üpjünçiligi boýunça sergi hem-de maslahat geçiriler
29-njy aprel — 1-nji maý aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler.