Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde 2025-nji ýylyň halkara çärelerine taýýarlyk maslahatlaşyldy
14:46 10.01.2025 5242
9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça meseleler maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa wise-premýer H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlar.
Wise-premýer H.Geldimyradow öňde boljak çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün eder, wise-premýer B.Amanow ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek çäreleriň guramaçylyk meselelerine zerur bolan ýardamy berer.
Oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatly harytlar, milli tagamlar bilen bagly degişli teklipleri taýýarlar. Azyk önümleriniň gaplarynyň bezeginde ýylyň şygary we nyşany ýerleşdiriler.
Wise-premýer B.Annamämmedow çäreleriň geçirilýän günlerinde Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagyny, ýylyň şygary bilen baglanyşykly bezeg işleriniň geçirilmegini üpjün eder.
Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasynyň ýokary hilli guralmagyny üpjün eder.
Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet edaralary tarapyndan ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek medeni-köpçülikleýin, baýramçylyk çäreleriniň, teatr sahnalarynyň ýokary derejede guralmagyny, şanly senä bagyşlanan maslahatlarda medeniýet bilen bagly ähli meselelere seredilmegini, çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün eder.
Wise-premýer B.Orazdurdyýewa geçiriljek çäreler bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak boýunça degişli teklipleri taýýarlar, ýokary okuw mekdeplerinde şanly senä degişli okuw sapaklaryny yzygiderli gurar. Şunuň bilen birlikde, halkara çäreleriň geçirilýän hem-de myhmanlaryň bolýan ýerlerinde sanitariýa we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow halkara çäreler bilen ugurdaş çäreleri guramaçylykly, many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagy, olaryň protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirer.
Halkara çärelere gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak bilen bagly degişli işleri geçiriler.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, alyp gitmek, garşy almak we ugratmak işlerini üpjün eder. Şunuň bilen bir hatarda, ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlary guralar, ýokary derejedäki resmi wekiliýet agzalary awtoulaglar bilen üpjün ediler.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, degişli Permana laýyklykda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, toparyň agzalaryna göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli meseleleri R.Meredowyň üsti bilen utgaşdyrmagy tabşyrdy.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.