Daşoguz welaýatynda täze gaz geçirijiniň gurluşygy tamamlandy
15:04 31.12.2024 3916
Boldumsaz etrabynyň “Gökýaýla” geňeşliginiň “Al Altyn” obasynyň çäginde uzynlygy iki kilometrden gowrak bolan orta basyşly eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy.
Gurluşyk işleri Milli maksatnamanyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Bu giň gerimli taslamanyň çäklerinde dürli uzynlykdaky şular ýaly gaz geçirijiler Gubadag şäheriniň Galkynyş köçesiniň ugrunda “Uşak oba” obasynda we “Boldumsazetrapgaz-yň” Gubadag bölümi tarapyndan hyzmat edilýän beýleki birnäçe ýerlerde guruldy. Bu ýerde şeýle hem içerki paýlaýjy tora degişli kommunikasiýalar çekildi.
Umuman, ýylyň dowamynda diňe şu uçastokda alty ýarym kilometr eltiji gaz geçirijisi we iki ýarym kilometr içerki torlar çekildi. Munuň özi täze gaz geçiriji kommunikasiýalary gurmak boýunça ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Gurluşyk işleri üçin dürli diametrli ýokary hilli turbalar ulanyldy. Olar durnuklylygy bilen tapawutlanyp, “mawy ýangyjyň” sarp edijilere bökdençsiz iberilmegini üpjün edýärler.
Döwlet maksatnamalarynyň toplumlaýyn ýerine ýetirilmegi netijesinde Daşoguz welaýaty bu günki gün ösen gaz kommunikasiýalarynyň toruna eýe. Bu gaz geçiriji torlar ilaty ekologiýa taýdan arassa ýangyç bilen bökdençsiz üpjün edýär.
Täjigistan Türkmenistandan alýan suwuklandyrylan gazynyň importyny artdyrmagy meýilleşdirýär
Häzirki wagta çenli suwuklandyrylan gazy, esasan, Gazagystandan we Russiýadan import edip gelen Täjigistan onuň gerimini giňeltmek kararyna geldi diýip, Respublikanyň energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler metbugat maslahatynda aýtdy. Bu barada Interfaks habar berýär.
Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň Premýer-ministri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Penşenbe güni Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapar bilen Türkmenistana geldi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Aşgabatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi
Aşgabatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça ikitaraplaýyn türkmen-eýran geňeşmeleri geçirildi diýip, 9-njy aprelde Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
TEIF 2025 halkara forumynda durnukly geljegi gurmakda arassa energiýanyň orny maslahatlaşylar
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2025) özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm waka öwrüler.
«Daşoguzgazüpjünçilik» «mawy ýangyjyň» netijeli ulanylmagyny üpjün edýär
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň sarp edijileriniň ygtybarly hem üznüksiz gaz üpjünçiligini dowam edýärler. Ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler ýyladyş möwsüminde welaýatyň gaz paýlaýjy ulgamynyň durnukly hereket etmegini üpjün edýärler.