«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

05:29 23.12.2024 5496

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12680/original-16768f498d9139.jpg

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, nebithimiýa senagatyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek babatda geçirilýän işler barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek üçin degişli Karara gol çekip, Serdar Berdimuhamedow ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi.

Başga makalalar
166f2b187bec3a.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny belledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertdigini aýtdy diýip, TDH habar berýär.


1652386712c91a.jpg
Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


168bfcf10983f3.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen we binýatlyk ýag ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.


168bfcf79c73d1.jpg
Türkmenistanda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana işe girizildi

8-nji sentýabrda Aşgabadyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana açyldy. Açylyş dabarasyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161dbd7a3698dc.jpeg
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmäge taýýar

Türkmenistanyň we Owganystanyň Hökümet wekilleri Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we beýleki infrastruktura taslamalarynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýarlygyny mälim etdiler diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.