Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň on aýynyň netijeleri jemlendi

10:08 09.11.2024 4007

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12334/original-1672efd36e9418.jpg

8-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça gündelik wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer uglewodorod serişdelerini çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebit çykarmak boýunça meýilnamasynyň 102,4 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlary tarapyndan 103,4 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi.

Şunuň bilen bir hatarda, dizel ýangyjyny, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça gazanylan netijeler barada hasabat berildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 106,2 göterim berjaý edildi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň netijeli bolmagyny gazanmak zerurdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti nebit önümlerini öndürmekde, tebigy gazyň çykarylyşynda meýilnamalaýyn işleri doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
164fb17f25918b.jpg
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


16232e0501da57.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


16234186000918.jpeg
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.


162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.