Türkmenistanyň we ABŞ-nyň wekilleri Ählumumy metan borçnamasy boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
06:12 09.11.2024 4494
7-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýett bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda Ählumumy metan borçnamasy boýunça hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar esasan hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler.
Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi. Jeffri Paýett Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary «Tetrotech» we «Deloitte» bilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlikli hyzmatdaşlygyny belläp geçdi.
Şeýle hem taraplar Bakuda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 29-njy maslahatynyň (COP 29) gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has hem berkitmek barada ylalaşdylar.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.