Yhlaslary myrat tapýar
04:10 05.11.2024 4087
Türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny ýurdumyzyň ösüşleriniň hyzmatynda goýmak ýaly il-ýurt bähbitli işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda çeken zähmetleri-de tüýs ýerine düşdi.
— Biziň agzybir hem-de zähmetsöýer hünärmenlerimiz ýurdumyzyň Lebap we Balkan welaýatlarynda gözleg-buraw işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar. Olaryň belent maksatlara gönükdirilen işleri üstünliklere hem beslenýär. Şanly ýylymyzyň geçen döwründe tebigy gazyň täze ýataklarynyň üstüniň açylmagy bolsa bizi has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar — diýip, ekspedisiýanyň baş inženeri Derkar Bekdurdyýew gürrüň berýär.
Golaýda ekspedisiýanyň işgärlerini begendiren möhüm wakalaryň biri bolup geçdi. Olaryň Lebap welaýatynyň çägindäki Täçmyradow meýdançasynda burawlan 2-nji guýusyndan «mawy ýangyjyň» senagat akymy alyndy. Bu işde Döwlet Babakulyýew we Işanguly Mämmetgulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar toparlarynyň agzalary ýokary başarnyk görkezdiler. Bu toparlar tarapyndan ýakynda bu meýdançada taslama çuňlugy 2 müň 500 metre barabar bolan 3-nji belgili guýyny burawlamaga-da guramaçylykly girişildi. Baýlyk agtaryjylar eýýäm 500 metrden gowrak çuňlugy geçmegiň hötdesinden geldiler.
Ata Watanymyzda yhlasly zähmet çekýänleriň gadyry-da bilinýär. Hormatly Prezidentimiz uzak ýyllaryň dowamynda yhlasly işläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine mynasyp goşant goşan ildeşlerimiziň sylagyny ýetirip durýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň arasynda ekspedisiýanyň buraw ussasy Döwlet Babakulyýew hem bar. Ol döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Şeýle sylag-hormat, berilýän goldaw-hemaýat baýlyk agtaryjylary has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Goturdepe, Gazlydepe, Uzynada, Batgaly ýer, Köseşor... bular bu ekspedisiýanyň iş alyp barýan ýerleriniň doly bolmadyk sanawydyr. Bu sanawdaky Goturdepe käninde buraw ussalary Juma Orazowyň hem-de Magtym Mahmudowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň 1907-nji belgili guýuda şu döwre çenli burawlan çuňlugy 3 müň 900 metre golaýlady. Diýmek, taslamada bellenen çuňluga ýetmek üçin
100 metrden hem az aralyk galypdyr. Ussat burawlaýjylar bu guýudan nebitiň senagat akymynyň alynmagyna uly ynam bildirýärler. Şeýle ynamy buraw ussalary Aganyýaz Akyýew, Rozygeldi Hudaýberdiýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar toparlarynyň agzalary hem başdan geçirýärler. Olar Gazlydepe käninde 3-nji belgili guýyny burawlamak işleriniň tamamlaýjy tapgyryna girişdiler. Olara hem arzyly çuňluga ýetmek üçin ýüzlerçe metr aralyk galdy. Görnüşi ýaly, şu ýylyň aýagyna çenli ilimizi begendirjek hoş habarlaryň sany ýene-de artar.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.