Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny belleýär
05:10 28.09.2024 12043
Şu gün, 27-nji sentýabrda, Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çäreleri giň gerimde bellenilip geçilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
“Sizi gözel Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenilýän milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, döwlet Baştutany belleýär.
“33 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň taryhyna bu gün şöhratly we ýeňişli sahypalar ýazylýar. Biziň her birimiziň durmuşymyzy düýpgöter özgerdýän maksatlarymyz hasyl bolýar, ýurdumyzy dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmakda täze belent sepgitlere ýetilýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
“Her bir güni, her aýy, ýyly örän möhüm syýasy, ykdysady, medeni hem-de jemgyýetçilik wakalaryndan doly täze taryhy döwürde ata-babalarymyzyň jemgyýetimizi birleşdirýän milli döwleti döretmek baradaky arzuwlaryny goldanyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris. Türkmenistany dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwürmek boýunça tapgyrlaýyn işleri amala aşyrýarys” diýlip, gutlagda aýdylýar.
Gutlagda bellenilişi ýaly, “merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça oýlanyşykly, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris”.
“Biz özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňeldip, eziz Watanymyzyň dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça dostlukly, açyk we köpugurly hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belleýär.
Şu gün Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş geçirildi.
Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Baýramyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň topary halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny nazara alyp, Türkmenistanyň ordeni, medallary we hormatly atlary bilen sylaglandylar.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Daşary ýurt döwletleriniň Liderleri Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýar
Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy öz ýurtlaryna sapar bilen gelmäge çagyrýarlar.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Hytaý bilen köpugurly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýarlygynyny ynandyrdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi
2022-nji ýylyň 19-njy marty aýratyn ähmiýetli taryhy waka hökmünde özygtyýarly Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna girdi. Paýtagtymyzyň Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli geçirilen dabara, şeýle hem bu wakanyň öňýanynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň mizemez jebisligini, onuň jöwher paýhasyny we ýaş nesle bildirýän ynamyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.