TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjy we awiakerosin ýerlenildi

10:12 10.09.2024 3310

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11878/original-166dfdcbef2ddc.png

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gazagystanyň telekeçilerine ýeňil senagat önümçiliginiň galyndylary, dikeldilen süýüm, buýan köki we baldagy, dokma önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 838 müň dollaryndan gowrak boldy.

Başga makalalar
164801bcb6294f.jpg
Türkmenistan we Gruziýa energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar

5-6-njy iýunda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


164807b599b25a.jpg
«Galkynyş» känindäki täze guýudan gazyň senagat akymy alyndy

«Galkynyş» käninde 4 müň 665 metr çuňlukda burawlanan № 271 täze ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary üstünlikli buraw işlerini geçirdiler.


164802b6de6882.jpg
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.


1648175dc9a4fd.jpg
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ylymlar gününiň öň ýanynda maslahat geçirildi

Ýurdumyzda 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Halkara nebitgaz pudagynda türkmen ylmynyň orny» atly tema boýunça maslahat geçirildi.


1647ecced2c828.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.