Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
11:51 09.09.2024 6131
8-nji sentýabrda Astana iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Özara ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda türkmen-gazak gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýokary derejesine ýetildi. “Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biziň ýurtlarymyz deňhukuklylyk, hormat goýmak, özara goldaw esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, taraplar kanagatlanma bilen bellediler we gatnaşyklaryň döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.
Häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlyk giň ugurlar boýunça okgunly ösdürilýär. Söwda, nebitgaz toplumy, oba hojalygy, energetika we beýleki pudaklar geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Söhbetdeşleriň pikirine görä, açyk we yzygiderli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bellenilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny goldamaga taýýarlyk tassyklanyldy.
Hökümetara toparyň hem-de işewürlik geňeşiniň alyp barýan netijeli işlerine, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli esasda geçirilýän geňeşmelerdir duşuşyklara hem üns çekildi.
Şeýle-de ýurtlarymyzyň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Gazagystanda guralýan ykdysady ugurly iri forumlara gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi özara haryt dolanyşygyny artdyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga, geljegi uly meýilnamalary, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ugurlary kesgitlemäge gönüden-göni ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Aşgabatda maýa goýum forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, oňa köp ýurtlaryň wekilleriniň, şol sanda Gazagystanyň hem wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-gazak dostluk gatnaşyklary barada aýdyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Bellenilişi ýaly, öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyga aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylar, dürli ulgamlarda netijeli döwletara dialogy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar we hökümetara resminamalara gol çekiler.
Dostlukly ýurduň Baştutany çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Aşgabatda geçiriljek duşuşygyň hem-de onuň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Prezidentiniň şu ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyrjak saparyna taýýarlyk meselelerine garaldy.
TDH-nyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.