TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamaga taýýarlyk tassyklanyldy

04:20 19.08.2024 8500

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11668/original-166c04ddc98d8c.jpg

Kabulda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezowyň gatnaşmagynda TAPI Pipeline Company konsorsiumynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanowyň Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny Owganystanyň çäklerinde dowam etdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan ministri TOPH gaz geçirijisiniň Owganystandaky gurluşygynyň öz ýurduň esasy wezipeleriniň biridigini belläp, degişli owgan edaralarynyň bu taslama boýunça işlerini tamamlandygyny tassyklady. Muttaki TOPH gaz geçirijisiniň Owganystan böleginiň gurluşygynyň ýakyn wagtda başlamagyna umyt bildirýändigini belledi.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde bu taslamanyň gurluşygyna ýakyn wagtda girişmäge taýýardyklaryny belledi.

Başga makalalar
168835cfa48bdc.jpg
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy

Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.


16884669046a47.jpg
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


168832cf6527aa.jpg
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy

Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.