Lebap welaýatynda 42 km täze gaz geçirijileri guruldy

05:13 14.08.2024 5892

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11621/original-166bb7907f139b.jpg

Lebap welaýatynda ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gaz bilen üpjün etmek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde welaýatda 2024-nji ýylyň alty aýynda gaz torlarynyň gerimi 42 km-den gowrak artdy.

«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň gurluşykçylaryna bellenilen meýilnamany 11% artyk ýerine ýetirmek başartdy. 11,8 million manat möçberde döwlet maýa goýumlary netijesinde turbalary çekmek işleri welaýatyň ähli etraplarynda we şäherlerinde ýerine ýetirildi. Olaryň aglaba bölegi Türkmenabat, Dänew, Çärjew, Saýat, Darganata etrap-şäherleriniň paýyna düşýär.

Başga makalalar
168835cfa48bdc.jpg
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy

Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.


16884669046a47.jpg
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


168832cf6527aa.jpg
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy

Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.