Türkmenistan we Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
14:05 26.11.2020 6942
Duşenbe güni onlaýn görnüşinde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Meredow, koreý wekiliýetine – Koreýa Respublikasynyň Söwda, senagat we energetika ministri Son Ýun Mo ýolbaşçylyk etdiler.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar soňky ýyllarda ýola goýlan, oňyn depgin bilen häsiýetlenýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Mejlisiň çäklerinde taraplar gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Toparyň agzalary bolan ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň syn beriş häsiýetli çykyşlarynda durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň mazmuny, dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýan Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri beýan edildi.
Koreýa Respublikasynyň wekilleri ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde abraýa eýe bolan ýurdumyz bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giňden gyzyklanmalaryny beýan edip, türkmen bazarynyň özüne çekijidigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, işewür toparlaryň wekilleriniň gyzyklanmasynyň artmagyna köp babatda daşary ýurt maýasy üçin has amatly şertleriň döredilmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan iň oňat dünýä tejribesini we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen “Açyk gapylar” syýasaty ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, gaz we nebithimiýa, himiýa pudaklarynda, elektroenergetikada, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda ýerli çig maly gaýtadan işlemäge esaslanan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda üstünlikli işleýärler. Olaryň gatnaşmagyndaky iri taslamalaryň hatarynda “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawody gurmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny bina etmek taslamalary boldy.
Koreý tarapyndan toparyň agzalary netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmäge hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan milli we sebit ähmiýetli möhüm taslamalara has işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.
Hususan-da, “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” ugurlary boýunça multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de bu ulgamyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary esasynda ulag ulgamynda gatnaşyklaryň geljegi uly görünýär.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň agramly bölegini eýýäm Koreýada öndürilen awtobuslar we awtomobiller düzýär, şolaryň getirilmegi geljekde-de dowam eder.
Şeýle hem geljegi uly birnäçe beýleki ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda, dokma senagatynda, aragatnaşykda, medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, suw serişdelerini dolandyrmakda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy dowam etmäge özara gyzyklanma bildirildi.
Taraplar ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belläp, 2021-nji ýylda Seul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisini geçirmek baradaky meseleleri-de ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisiniň Teswirnamasyny kabul etdiler.
Mundan başga-da, mejlisiň jemleri boýunça “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýanyň Deňiz enjamlaryny öwreniş institutynyň (KOMERI) arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.