Türkmenistan koreý kompaniýasynyň tekliplerine garamaga taýýarlygyny beýan etdi
19:28 28.06.2024 6497
27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri nazara almak bilen, tagallalary birleşdirmek zerur hasaplanýar.
Türkmen şäherleriniň täze keşbini kemala getirmek, Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutany “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak, karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.