Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler
20:42 22.11.2020 6694
Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler.
Foruma görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.
Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz we senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, işewür hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.
Döwlet Baştutany senagatlaşdyrmaga ugur alan Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge hem-de nebitgaz toplumynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ugurda koreýaly hyzmatdaşlaryň tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag-logistika, suwdan peýdalanmak, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutany bilelikdäki hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu tejribäniň özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady we milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.