Ýurdumyzda Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilýär

13:43 17.06.2024 8675

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11193/original-166703d8b75f8b.jpg

Toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy dowam edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramynyň dabarasy uly ruhubelentlige beslenýär. Toý gazanlary atarylyp, milli naharlarymyz bişirilýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Her bir döwletli maşgalada saçaklary bezäp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürläp, birek-birege «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edilýär.

Halkymyzda «Gazananyň toýa ýarasyn!» diýen ajaýyp pähim bar. Bu baýram gününde ildeşlerimiz gazan ataryp, goňşy-golamlaryny, dogan-garyndaşlaryny bir supranyň başyna jemläp toý tutýar. Gurbanlyk etmek Allatagala ýakyn bolmaga, sogap gazanmaga, birek-birek bilen hoşniýetli bolmaga iterýär. Ene-mamalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen ak niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar eken. Gurbanlyk günlerinde birek-birek bilen mähirli salamlaşmakda, hal-ahwal soraşmakda hem uly sogap bardyr.

Hezreti Pygamberimiziň bir hadysynda: «Her haýwanyň ýaş tarapdan laýyk bolanyny gurban ediň. Eger kyn ýagdaýda galsaňyz, onda goýnuň alty aýyny dolduran guzusyny hem gurban edip bilersiňiz» diýlip aýdylýar. Goýny we geçini diňe bir adamyň adyna, düýäni we sygry ýedi kişä çenli goşulyşyp kesip bolýar. Şol ýedi adamyň hem gurbanlyk etmek niýetinde bolmagy hökmandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalary netijesinde bu gün Watanymyzyň çar künjeginde Gurban baýramynyň şowhuny-da, dabarasy-da has belentden ýaňlanýar. Bereketli saçak ýazyp, myhman garşylamak halkymyzyň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Bu baýramda birek-birekden duz-tagam dadyp, döwletli ojaklara rysgal-döwlet dilemek, diňe bir saçaklarymyzyň berekedini artdyrman, eýsem, göwnümizi hem galkyndyrýar. Mukaddes Gurban baýramynyň şeýle giň gerimde bellenilmegi şu günki nesliň ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine, däp-dessurlarymyza berk eýerýändiklerini görkezýär. Mähir-muhabbeti, birek-birege ynamy, ak ýürekliligi, agzybirligi ündeýän gurbanlyk günlerinde ýagşy niýetler bilen aýdylan hoş sözler ynsan kalbyna mähribanlyk çaýýar.

Watanymyzda giňden bellenilýän bu baýramçylykda aýdymçylardyr bagşylaryň, tans, folklor, aýdym-saz toparlarynyň çykyşlarynda eziz Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy maksatnamalarynyň waspy ýetirilýär. Hemişe bolşy ýaly, belentden dikilen, bezegli hiňňildikleriň töwereginiň mähellesiniň ýetik bolmagy baýramçylyk ruhuny has-da artdyrýar. Ynsanlaryň kalbyny tämizläp, olary biri-birine mähriban edýän, agzybirlige çagyrýan Gurban baýramy her bir döwletli maşgalada agzybirlik bilen bellenilýär. Baýramyňyz gutly, gurbanlyk sadakalaryňyz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

Başga makalalar
168835cfa48bdc.jpg
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy

Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.


16884669046a47.jpg
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


168832cf6527aa.jpg
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy

Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.