OPEC+ geňeşi bazaryň indiki hereketlerini 1-nji dekabrda seljerer
10:02 20.11.2020 19906
OPEC+ ylalaşygyna gatnaşýan ýurtlar 17-nji noýabrda OPEC+ ministrler gözegçilik geňeşiniň mejlisiniň netijeleri boýunça 2020-nji ýylyň IV çärýeginde bazarda isleg bilen teklibiň ýagdaýyny öwrenmekligi dowam etmegi hem-de 2021-nji ýylda dünýäniň nebit bazarynda öz indiki hereketlerini OPEC we OPEC däl döwletleriniň 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda meýilleşdirilen ministrler maslahatynda seljermegi ylalaşdylar, diýip INTERFAKS RF-iň hökümetiniň metbugat beýanyna salgylanyp habar berýär.
Öň OPEC+ mejlislerine RF-iň energetika ministri hökmünde gatnaşan Aleksandr Nowak sişenbe güni RF-iň ýangyç-energetika toplumy boýunça wise-premýeri hökmünde gatnaşdy.
Geňeşe Russiýa we Saud Arabystany bilelikde başlyklyk edýärler. Mejlisiň işine OPEC maslahatynyň prezidenti Alžiriň energetika ministri, şeýle hem BAE-niň, Kuweýtiň, Wenesuelanyň, Gazagystanyň ugurdaş ministrleri, Nigeriýanyň we Yragyň wekilleri, şeýle hem OPEC-iň baş sekretary gatnaşdy.
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG-niň sammtiniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirerler. Bu barada Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri RF-niň Prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berýär.