Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
05:12 30.05.2024 5803
28-nji maýda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä nebitgaz pudagynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow çäräni açmak bilen, ýygnananlary şahyryň saýlanan eserleriniň täze kitabynyň çap edilmegi bilen gutlady. «Magtymguly» kitaby Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyldy.
Wise-premýer kitabyň ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tanyşdyrylandygyny we onuň ilkinji sanynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenstanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberilendigini ýatlatdy.
Şunuň bilen baglylykda, Batyr Amanow döwlet Baştutanynyň sözlerine salgylanyp, «Akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgular ýygyndysynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny» belledi.
Soňra Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewe, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýewe, magtymgulyşynas alymlara, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň wekiline we nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärlerine söz berildi.
Bellenilişi ýaly, bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyrda türkmen halkynyň durmuşy, taryhy, şol döwrüň syýasy wakalary, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr.
Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, arzuw-umytlar bilen bagly ylham beriji duýgulara-da ýugrulandyr. Muny şahyryň täze neşiriniň sahypalarynda orun alan şygyrlarynda-da aýdyň görmek bolýar.
Çykyş edenler türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilen täze neşiriň şahyryň mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler. Bezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlar ulanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen bu kitap giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy.
Ýokarda aýdylanlar tanyşdyrylyş dabarasynda bolan çykyşlaryň esasyny düzdi we başga-da eseriň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň ruhy hazynasyny öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda berýän goldawy üçin hoşallyk bildirildi.
Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary ajaýyp döwrümizi, milli medeniýetimizi wasp edýän aýdym-sazlary belent heňde ýerine ýetirdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Türkmenistan we Gruziýa energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar
5-6-njy iýunda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
«Galkynyş» känindäki täze guýudan gazyň senagat akymy alyndy
«Galkynyş» käninde 4 müň 665 metr çuňlukda burawlanan № 271 täze ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary üstünlikli buraw işlerini geçirdiler.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ylymlar gününiň öň ýanynda maslahat geçirildi
Ýurdumyzda 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Halkara nebitgaz pudagynda türkmen ylmynyň orny» atly tema boýunça maslahat geçirildi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda dizel ýangyjy, ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.