Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
18:02 25.05.2024 4538
24-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky “Garagum” myhmanhanasy boldy. Bu döwrebap toplumda daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we mejlisiň işiniň üstünlikli geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkmenistanyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän, köpugurly kuwwata eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýändigi nygtaldy.
Türkmenistan tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýän ulag, ýangyç-energetika, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, senagat taýdan goşulyşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat ulgamynda uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek, sanly geçiş, maýa goýum, işewürlik işjeňligini höweslendirmek häzirki döwrüň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Şunda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, geljek üçin meýilnamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, bilelikdäki işi utgaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde GDA-nyň Ykdysady Geňeşine ähmiýetli orun degişlidir.
Mejlisiň netijeleri boýunça 11 sany resminama kabul edildi.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine Aşgabady “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky mesele girizildi. Bu teklip duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň indiki mejlisini 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Russiýa Federasiýasynda geçirmek kararyna gelindi.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.