Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar
11:43 20.05.2024 4529
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, birnäçe teklipler, şol sanda milli kanunçylygy agentligiň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Şeýle-de Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasynda 5 ýyllyk Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly teklip beýan edildi.
Saglygy goraýyş, hususan-da, atom lukmançylygy, suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, oba hojalygy ýaly ugurlary gurşap alýan bu resminama Türkmenistanyň we agentligiň tehniki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ileri tutulýan ugurlarda täze milli taslamalary işläp taýýarlamak üçin berk binýat bolup hyzmat eder.
Bu resminamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň iýunynda ýörite döredilen toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek, agentligiň çäklerinde dünýä ýurtlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak hem-de Türkmenistanyň onuň hereket edýän düzümleriniň 8-siniň birine saýlanylmagy boýunça çäreleri görmek teklip edilýär.
Şeýle hem onkologik kesellere garşy göreşmek maksady bilen, lukmançylyk ugry boýunça özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzda bu ugurda maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar, ugurdaş infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar. Agentligiň bu ulgamda öňdebaryjy halkara gurama bolup durýandygyny hem-de bar bolan oňyn tejribäni nazara almak bilen, Türkmenistanda bilelikdäki hereketlere syn geçirmek boýunça ImPACT maksatnamasyny durmuşa geçirmek teklip edilýär.
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, ýagny 1994-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda Ylalaşygyna goşulmagyndan bäri bu agentlik bilen ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirilip gelinýär. 2005-nji ýylyň 17-nji maýynda ýurdumyz bilen bu agentligiň arasynda kepillikleri ulanmak hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berdi.
Türkmenistan 2016-njy ýyldan bäri Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň doly hukukly agzasy bolup durýar. BMG-niň bu düzümi bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ugurlar boýunça alnyp barylýar. Özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylda ýurdumyz agentligiň ýadro howpsuzlygy boýunça iki sany Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda tehniki hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda agentligiň 4 taslamasy durmuşa geçirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli hem-de köpugurly häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ünsi çekip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.