«Russia Halal Expo» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri görkezdi
13:37 17.05.2024 4969
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Russiýa we yslam dünýäsiniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellediler diýip, TDH habar berýär.
Bu barada “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde guralan «Russia Halal Expo» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşlygyň barşynda bellenildi.
Pawilýon ýurdumyzyň ähli pudaklarda, şol sanda hususy pudakda gazanýan üstünlikleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barmak, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin bar bolan kuwwaty hem-de mümkinçilikleri barada düşünje berýär. Bularyň ählisi monitorlarda görkezilýän wideoşekillerde-de öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň pawilýonynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň hem-de nebitgaz, himiýa senagatynyň, ýeňil senagatyň dürli görnüşli önümleri, aýna önümleri, gurluşyk serişdeleri görkezilýär. Sergi dokma we gön önümçiliginde, halk senetçiliginde gazanylan üstünlikler bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berýär.
Bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän kompýuter tehnikalary, Wi-Fi routerleri, LED çyralar, plastik kartlar we beýleki önümler ýerleşdirilipdir.
Ýurdumyzyň pawilýonynda meşhur türkmen el halylary aýratyn orun eýeledi. Bu ýerde ajaýyp halylaryň dokalyşyny görmek bolýar. Halyçy zenanlar halynyň kesiliş usulyny görkezdiler. Soňra bu haly Tatarystanyň Baştutanyna sowgat berildi. Şeýle hem hormatly myhmanlara haly torbalary sowgat hökmünde gowşuryldy.
Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Bu ýerde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň şekil taslamalary görkezilýär. Howa menziliniň öňdebaryjy infrastrukturasy sebit hem yklym derejesinde howa we multimodal ýük daşamalary üçin mümkinçilikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär. Häzirki günde Türkmenistan sebitiň möhüm üstaşyr ulag hem-de iri halkara logistika merkezine öwrüldi diýip, habarlar agentlik belleýär.
Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerine aýratyn orun berlipdir. Bu düýpli ylmy işleriň sahypalarynda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.
Bu ýerde gurnalan fitobarda türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýdan dadyp görmek bolýar.
“Russia Halal EXPO” maýa goýum we infrastruktura taslamalary sergisiniň çäklerinde duşuşyklar guraldy. Olaryň dowamynda türkmen hünärmenleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekillerine ol ýa-da beýleki pudak baradaky zerur maglumaty almaga, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň täze görnüşleri babatda pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.