Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
13:35 17.05.2024 4285
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň geçiren duşuşyklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Taraplar ulag-kommunikasiýalar ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, Russiýanyň bu ugurda ýöriteleşen iri kompaniýalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.
Nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň Ýewropa bilen Aziýanyň söwda ýollarynyň ugrunda geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň netijeli peýdalanylmagy örän wajypdyr.
Türkmenistan we Russiýa demir ýol, awtomobil, howa ýollary pudagynyň ösdürilmegine, bar bolan düzümleýin desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurdaky çäreler üstaşyr ulag ugurlarynyň, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Kazan şäheriniň häkimliginde ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda şäher hojalygynyň dolandyrylyşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary tehnologiýalar ulgamyna degişli tehnologiýalar parkynda sanly ulgamy ösdürmegiň mümkinçilikleri duşuşygyň esasy meselesi boldy. Türkmen tarapynyň wekili bu ugurda Türkmenistanda döwlet derejesinde durmuşa geçirilen taslamalar, alnyp barylýan giň gerimli işler, şol sanda Arkadag şäherinde ornaşdyrylan sanly ulgamlar barada gürrüň berdi.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary Innopolis şäheriniň häkimi bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda şähergurluşyk ulgamynda tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Kazan milli barlaglar tehnologik uniwersitetinde geçirilen duşuşygyň barşynda bilim-ylym ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry bolup çykyş edýändigi nygtaldy. Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde köp sanly türkmen talyplary okaýar. Munuň özi olara döwrebap bilimleri almaga hem-de Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.