Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
07:15 15.05.2024 5686
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.
Belläp geçsek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan yglan edilen Temmäkä garşy bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenip geçilýär. Bu tutuş adamzat durmuşynyň we saglygynyň bähbidine gönükdirilen halkara çäresine ata Watanymyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn işjeň gatnaşýar. Türkmenistanda 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy komitet döredildi. Şeýle hem temmäkä garşy göreşmek boýunça «Ynam» merkezleriniň hereket edýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu merkezlerde temmäki önümleriniň zyýany we olardan daşda durmagyň ýollary barada düşündirişlerdir maslahatlar berilýär. Merkeze birikmek üçin 118 belgä jaň etmek arkaly, adyňy mälim etmezden hünärmenden maslahat alyp bolýar.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek, ýaş nesliň ýaramaz endikleri ýazgarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ösdürmek we wagyz etmek ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine işjeň gatnaşýan, milli bilim-ylym, medeniýet we sungat ugurlarynda öz mynasyp orunlaryny eýeleýän, sagdyn düşünjeli, beýik maksatly ýaşlar kemala geldi. Türkmen jemgyýeti sagdynlygyň, ruhubelentligiň we ýaramaz endikleriň, temmäki önümleriniň berk ýazgarylýan jemgyýetine öwrüldi. Bular dogrusynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň jogapkär işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň jogapkär işgäri Akjagül Ataýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnara Akjigitowa, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçysy Atajan Atajanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geñeşiniň jogapkär işgäri Didar Geldiýew dagy öz çykyşlarynda giňişleýin belledi.
Ýurdumyzda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder
Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.